Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Horwatiýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

15:2716.04.2025
0
22643
Horwatiýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: Newscentralasia.net

15-nji aprelde Türkmenistanyň Horwatiýa ilçisi (oturýan ýeri Buharest ş.) A.Annaýew bilen Horwatiýanyň daşary işler we Ýewropa meseleleri ministri Gordan Grliç Radmanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik gatnaşyklar, söwda-ykdysady, medeni we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi. Şeýle-de taraplar sebitleýin hem-de halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň, işewürlik forumlarynyň hem-de sergileriň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýändigi nygtaldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-horwat hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Bu ugurda taraplar maşyn gurluşygy, gämi gurluşygy, derman senagaty, himiýa senagaty, azyk senagaty, gurluşyk, deňiz portlarynyň ösüşi, syýahatçylyk infrastrukturasy, gaýtadan işleýän önümçilik, ýokary tehnologiýalar, ylym we bilim ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem iki ýurduň bilim ministrlikleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Şol gün günüň ikinji ýarymynda ilçi A.Annaýew Horwatiýanyň Medeniýet we metbugat ministrliginiň Halkara medeni hyzmatdaşlyk we Ýewropa meseleleri boýunça müdirliginiň direktory hanym Anýa Ýelawiç bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli meseleler boýunça pikir alşyldy. Türkmen tarapy beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegi bilen baglylykda Horwatiýada degişli çäreleriň geçirilmegini teklip etdi. Şeýle hem horwat tarapy şu ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara medeni çärelerde, festiwallarda gatnaşmaga çagyryldy.

Duşuşykda Horwatiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi baradaky mümkinçilik hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hanym Ýelawiç horwat tarapynyň medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara geçirilýän çärelerde işjeň gatnaşmaga, türkmen muzeýleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýle hem iki ýurduň paýtagtlarynda saz, sungat, tans we teatr toparlarynyň saparlaryny guramaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň jeminde taraplar medeni diplomatiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny biragyzdan nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň