Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan birnäçe ugurlarda Horwatiýa bilen hyzmatdaşlygy giňelder

15:0916.04.2025
0
21410

15-nji aprelde Türkmenistanyň Horwatiýa ilçisi (oturýan ýeri Buharest ş.) A.Annaýew bilen Horwatiýanyň daşary işler we Ýewropa meseleleri ministri Gordan Grliç Radmanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik gatnaşyklar, söwda-ykdysady, medeni we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi. Şeýle-de taraplar sebitleýin hem-de halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň, işewürlik forumlarynyň hem-de sergileriň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýändigi nygtaldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-horwat hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Bu ugurda taraplar maşyn gurluşygy, gämi gurluşygy, derman senagaty, himiýa senagaty, azyk senagaty, gurluşyk, deňiz portlarynyň ösüşi, syýahatçylyk infrastrukturasy, gaýtadan işleýän önümçilik, ýokary tehnologiýalar, ylym we bilim ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem iki ýurduň bilim ministrlikleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Şeýle hem düýn ilçi A.Annaýew türkmen-horwat parlamentara dostluk toparynyň horwat böleginiň ýolbaşçysy Goran Kaniski bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bu toparyň ilkinji mejlisini ýakyn wagtda geçirmek teklip edildi. Taraplar ilkinji mejlisiň Aşgabat şäherinde geçirilmegi barada ylalaşdylar.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan işjeň tagallalary hakynda gürrüň edilip, ýurduň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň Durnukly ösüş maksatlarynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmäge uly mümkinçilik döredýändigi nygtaldy.

Düýn günüň ikinji ýarymynda ilçi A.Annaýew Horwatiýanyň Medeniýet we metbugat ministrliginiň Halkara medeni hyzmatdaşlyk we Ýewropa meseleleri boýunça müdirliginiň direktory hanym Anýa Ýelawiç bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli meseleler boýunça pikir alşyldy. Türkmen tarapy beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegi bilen baglylykda Horwatiýada degişli çäreleriň geçirilmegini teklip etdi. Şeýle hem horwat tarapy şu ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara medeni çärelerde, festiwallarda gatnaşmaga çagyryldy.

Duşuşykda Horwatiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi baradaky mümkinçilik hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hanym Ýelawiç horwat tarapynyň medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara geçirilýän çärelerde işjeň gatnaşmaga, türkmen muzeýleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýle hem iki ýurduň paýtagtlarynda saz, sungat, tans we teatr toparlarynyň saparlaryny guramaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň jeminde taraplar medeni diplomatiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny biragyzdan nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň