Sişenbe güni, 15-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşarky bazarynda iri halkara geleşikler baglaşyldy. Owganystanly telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden we «Türkmennebit» döwlet konserninden «EKO-93» kysymly ulag benzinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-niň saýty habar berýär.
Şol gün Türkiýeden we Azerbaýjandan gelen telekeçiler ýerli öndürijiler bilen pagta süýümini we boýalan wafel matasyny satyn almak boýunça şertnamalary baglaşdylar.
Biržanyň içerki bazarynda ýerli telekeçiler ýerli kärhanalardan çig ýüpegi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň dowamynda umumy möçberi 7 820 000,00 manat we 39 057 180,00 ABŞ-nyň dollary bolan bäş geleşik baglaşyldy.