Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary tamamlandy

08:0516.04.2025
0
12705

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Tokionyň Haneda Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady. Bu barada TDH habar berýär.

Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy.

Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen bolan duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Hökümet Baştutanyny şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

«Imperial Tokyo» myhmanhanasynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentine Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory adynyň degişli diplomynyň gowşurylmagy saparyň esasy wakalarynyň biri boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň birinji gününde Osaka şäherinde geçirilýän "EKSPO-2025" Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy. Şeýle-de şol gün Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

Saparynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Sanko Seiko Co. Ltd.», «Muroosystems Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Ltd.», «Tohkemy Corporation», «ITOCHU Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň