Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen duşuşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň internet sahypasynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Ýaponiýanyň Hökümet binasynda resmi garşylamak dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Oňa iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda türkmen döwletiniň Baştutany dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygyny Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilen gutlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini aýdyp, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk we dostlukly syýasy dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy şerti bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar hakynda barýar. Şunda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylan iri taslamalara aýratyn üns berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde täze ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.