Türkmenistan 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistandan hurma import etmekde ilkinji bäşlige girdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, şu ýylyň deslapky iki aýynda 105,8 tonna özbek hurmasy türkmen bazaryna iberildi. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy döwletden hurma satyn almakda dördünji ýeri eýeledi. Bu ugurda ilkinji üçlükde Gazagystanyň (1,2 müň tonna), Russiýa Federasiýasynyň (940 tonna) hem-de Gyrgyz Respublikasynyň (186,3 tonna) ady bar.
Umuman alnanda, Özbegistan hasabat döwründe umumy bahasy 1,27 million amerikan dollaryna barabar bolan 2 müň 451 tonna hurmany daşarky bazarlara iberipdir.