Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Lomonosow» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

09:2215.04.2025
0
15811

11-12-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ilkinji gezek talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň «Lomonosow» atly giň gerimli halkara ylmy maslahatynyň Türkmenistandaky meýdançasy geçirildi.

M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti bilen bilelikde guralan bu çäre ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açdy diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatyň çäklerinde institutda «Daşary ýurt dillerini öwretmekde bilim tehnologiýalarynyň orny» atly tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik hem-de «Aýrylmaz baglanyşyk: dil we medeniýet » atly sergi guramaçylykly geçirildi.

Ylmy maslahatyň «Pedagogika bilimi we döwrebap bilim tehnologiýalary» we «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» atly bölümlerinde lingwal pedagogikanyň we terjimeçiligiň derwaýys meseleleri boýunça ylmy çykyşlar edildi.

Mundan başga-da, iň oňat işler diplomlar we degişli Hormat hatlar bilen sylaglandy.

Habarda bellenilişi ýaly, gatnaşyjylaryň ylmy çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň ýygyndysynyň neşir edilmegi hem meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň