Osakada geçirilýän “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyşynda eden çykyşynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa uzak möhletli, ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi. Bu barada TDH ýazýar.
"Ýaponiýanyň köp sanly işewür toparlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag pudaklarynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Bu işleri amala aşyrmakda uly tagallalary edýändikleri üçin Ýaponiýanyň Hökümetine we işewürlerine minnetdarlyk bildirýäris. Biz bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkideris" diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.
“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi Osakadaky Ýumeşima emeli adasynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli dowam eder. Uzynlygy 2 kilometre golaý, ini 30 metr, beýikligi 12 metrden 20 metre çenli ýetýän uly halka şekilindäki agaç desga sergi toplumynyň esasy bölegi bolup durýar. Desganyň içinde esasy pawilýonlar, şol sanda milli pawilýonlar, şeýle hem halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň pawilýonlary ýerleşýär. Osaka sergisi “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” diýen esasy mowzukda guralyp, ol “Durmuşy halas etmek”, “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek”, “Durmuşy birleşdirmek” atly üç kiçi mowzuga bölünýär. Bütindünýä sergisiniň “Durmuşy halas etmek” mowzugynda saglyk, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berilýär. “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek” mowzugy tehnologiýalaryň, bilimiň we innowasiýalaryň adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýetirýän täsiri bilen tanyşdyrýar.
“Durmuşy birleşdirmek” mowzugynda bolsa medeniýete, bilelikdäki döredijilige üns berilýär.
Sergä 160-a golaý ýurduň wekilleri gatnaşýar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni ilkinjileriň hatarynda, 14-nji aprelde geçirildi.