Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen nebit ýol bitumyny, awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, binýatlyk ýagy satyn aldylar.
Mundan başga-da, Türkiýäniň we Serbiýanyň telekeçilerine nah ýüplük, portlandsement, buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 389 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 69 million 545 müň manada deň bolan polipropileni we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), boýalan matany, float aýnasyny satyn aldylar.