Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň hatarynda Milli gününi belledi

11:4914.04.2025
0
17311

Türkmenistan «EKSPO-2025» sergisiniň açylyş dabarasyndan soňra Osaka şäherindäki Bütindünýä gözden geçirilişinde Milli gününi belleýän ilkinji ýurt boldy.

Şu gün Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Ýaponiýa sapar bilen baran Prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň milli medeniýeti, däp-dessurlary hem-de ykdysady üstünlikleri görkezildi.

«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisi 13-nji oktýabra çenli dowam eder. Şu döwrüň dowamynda sergä gatnaşýan 160-a golaý ýurduň üstünlikleri görkeziler.

Aprel aýyndan oktýabr aýyna çenli bu halkara foruma 28 million adamyň baryp görmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň