Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen medeni çärelere gatnaşdy

09:5410.04.2025
0
11865

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Gazagystanyň Aktau şäheriniň 2025-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdylar. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär. Habarda bellenip geçilişi ýaly, geçen ýyl bu derejäni Türkmenistanyň gadymy we şöhratly şäherleriniň biri bolan Änew göteripdi.

Aktau şäherinde TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Bu ýerde türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary hem şowhunly garşylandy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor-tans toparynyň aýdymçylarynyň hem-de tansçylarynyň çykyşlary gülläp ösýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Aktau şäherinde guralan uly sahnada açylyş dabarasy mynasybetli gutlag sözlerinden soňra çykyşlara giň orun berildi. «Galkynyş» folklor-tans toparynyň hem-de aýdymçylaryň çykyşlary şatlyk-şowhuna beslendi. Milli lybasly aýdymçylaryň, sazandalaryň, tansçylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Şäheriň ýaşaýjylary, halkara çärä gatnaşmaga gelen myhmanlar bu ýerde dikilen ak öýlerde türkmen halkynyň milli lybaslary, şaý-sepleri, muzeý gymmatlyklary bilen-de tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň