Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirligiň (YTB) başlygy Abdullah Eren we onuň ýanynda bolýan wekiliýet 7-nji aprelde Aşgabada resmi sapar bilen geldi. Sapar wagtynda türk wekiliýeti birnäçe duşuşyklary geçirip, paýtagtyň bilim we medeni desgalaryna baryp gördi.
Žurnalistlere beren interwýusynda Abdullah Eren Türkmenistanyň türk halky üçin ähmiýetini nygtady: «Türkmenistan türk medeniýeti we taryhy nukdaýnazaryndan örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu sebitden, ýagny Horasandan we Horezmden türk-yslam taryhynda uly yz galdyran meşhur alymlar, görnükli syýasatçylar we beýik döwlet işgärleri çykandyr».
YTB-niň başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda häzirki zaman Türkmenistan döwletiniň ösüşi barada oňyn pikirlerini aýtdy.
Wekiliýet eýýäm Aşgabatdaky Türkiýäniň ilçihanasyna baryp gördi we türkmen-türk mekdebiniň işi bilen tanyşdy. Saparyň maksatnamasynda şeýle-de Ärtogrul gazy metjidine we Medeni merkezine baryp görmek, Türkmenistanyň bilim we medeniýet ministrleri bilen, şeýle-de ýurduň öňdebaryjy bäş uniwersitetiniň rektorlary bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär.
Saparyň dowamynda bilim hyzmatdaşlygyna uly üns berilýär. 1992-nji ýyldan bäri Türkiýe 3000-den gowrak ýaş türkmen raýatyna döwlet tarapyndan talyp hakyny berdi. Häzirki wagtda Türkiýede Türkmenistandan takmynan 29 müň talyp bilim alýar, olaryň 100-si Türkiýäniň talyp haklaryny alýar.
«2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistandan Türkiýäniň talyp haklaryny almak üçin 524 sany ýüz tutma gelip gowuşypdyr. Biz bu ýyl azyndan türkmen ýaş oglan-gyzlaryň 100-ne talyp hakyny bermegi meýilleşdirýäris» — diýip, Abdullah Eren habar berdi.
YTB-niň başlygy şeýle-de häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 2,5 milliard dollar töweregi bolandygyny we ony 5 milliarda çenli ýokarlandyrmagyň meýilleşdirilýändigini ýatlatdy.
«Biz türkmen halkyny gaty gowy görýäris. Biziň umumy taryhy geçmişimiz bar» — diýip, Abdullah Eren nygtady we Türkmenistanyň Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen bir hatarda türki dünýäsiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ähmiýetini belläp geçdi.