Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy (CAREC) boýunça 2-nji Geçelgäni ösdürmek strategiýasy bilen baglanyşykly tehniki maslahat beriş mejlisine gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Duşuşyk golaýda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilip, onuň maksady degişli ugurdaky derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan, çözgütleri tapmakdan, 2-nji Geçelgäni ösdürmek boýunça çäreleri kesgitlemekden hem-de CAREC sebitindäki ulag geçelgeleriniň umumy ykdysady we ulag taýdan ösüşine ýardam bermekde ybarat boldy.
Mejlisde alnyp barylan işler we gazanylan netijeler boýunça hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem CAREC-iň 2030-njy ýyla çenli Ulag strategiýasynyň çägindäki meýilnamalar gözden geçirildi.
CAREC-iň 2-nji Geçelgesi – giň torly ulag ugry bolup, Ol Gündogar Aziýany Kawkaz, Ortaýer deňziniň sebiti we Günorta Ýewropa bilen baglanyşdyrýar. Bu ugruň esasy maksady gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda täsirli we ygtybarly ulag gatnaşyklaryny üpjün etmek arkaly sebitde söwdanyň we ykdysady ösüşiň ösmegine ýardam bermekdir.