Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, garalýan döwürde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 117,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,8 göterim boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň, olaryň eksport edilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. "Toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr" diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.