«Barselona» bilen «Real Madrid» 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda duşuşyp, olaryň öz meşhur gapma-garşylyklarynyň täze sahypasyny açarlar.
«Barselona» 3-nji aprelde geçirilen ýarym final oýnuň jogap duşuşygynda Madridiň «Atletikosyndan» 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanyp, finala çykmagy başardy. Ispaniýaly winger Ferran Torres 27-nji minutda bu oýnuň ykbalyny çözen goly geçirdi. Örän gyzykly hem çekeleşikli geçen birinji oýun 4:4 hasaby bilen deňme-deň tamamlanypdy.
«Real Madrid» kluby «Real Sosýedad» bilen 4:4 hasaby bilen deňme-deň oýnandan soň, birinji duşuşykdaky 1:0 hasabyndaky ýeňşiniň netijesinde iki oýnuň jemi boýunça finala çykdy.
Ispaniýanyň Kubogynyň finalyndaky bu iki esasy bäsdeşiň arasyndaky sekizinji duşuşyk bolar. Şunda «Real Madrid» dört gezek ýeňiş gazanypdy, şol sanda 2014-nji ýylda bolup geçen soňky final duşuşygynda 2:1 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy. «Barselona» bolsa üç gezek ýeňiş toýuny belläpdi. Bu finallaryň bäşisi geçen asyrda bolup geçipdi, XXI asyrda bolsa Madridiň futbol kluby 2011-nji we 2014-nji ýyllardaky iki final duşuşygyň ikisini-de ýeňipdi.
Olaryň arasynda geçen soňky oýunlar «Barselonanyň» artykmaçlyklaryny görkezýär, ol bu möwsümde «Real» bilen iki duşuşygyň ikisinde-de özüniň güýçlüdigini subut edipdi – oktýabrda La Ligadaky oýunda «Santýago Bernabeu» stadionynda 4:0 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy, ýanwarda bolsa Saud Arabystanynda geçen Ispaniýanyň Super Kubogynyň finalynda 5:2 hasaby bilen ondan üstün çykypdy.
Iki klub hem şu möwsümde üç kubok ugrunda göreşmegini dowam etdirýärler. «Barselona» häzirki wagtda 66 utuk bilen La Liganyň ýaryş tertibinde öňdeligi eýelemek bilen, çempionatyň tamamlanmagyna dokuz tapgyr galanda «Real Madridden» üç utuk we «Atletikodan» bolsa alty utuk artykmaçlygy bar. Iki topar hem Çempionlar Ligasynyň çärýek finalyna çykdylar, onda «Real Madrid» Londonda «Arsenal» bilen duşuşar, «Barselona» bolsa Dortmundyň «Borussiýasyny» kabul eder.
Ispaniýanyň Kubogynyň finaly 26-njy aprelde Sewilýanyň «La Kartuha» stadionynda geçiriler. «Barselona» 31 kubok bilen Ispaniýanyň Kubogyny iň köp ýeňen klub hökmünde rekord goýdy, «Real Madrid» bolsa bu ýaryşda 20 gezek ýeňiji bolmagy başardy.