Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri bilen duşuşyk geçirildi

19:1928.03.2025
0
21138

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerd bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary bilen hil taýdan täze tapgyra çykarylýan iň ýokary we ýokary derejelerdäki dialogyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdaky möhüm ornuny bellediler. Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-eýran gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmegi üçin yzygiderli özara gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň