Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen Berk–Metal» türkmen telekeçilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar

10:1914.03.2025
0
8375

«Türkmen Berk–Metal» hususy kärhanasy türkmen telekeçilerini hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.

Her ýylda 50 müň tonna çenli ýuwujy serişdeleri öndürmäge ukyply kuwwatlylygy bolan kärhana «Emaý», «Güneş» we «Arýa» ýaly haryt nyşanly ýokary hilli önümleriň köpdürli görnüşini öndürýär. «Türkmen Berk–Metal» kärhanasy hojalyk himiýa serişdelerini netijeli we ýokary hilli öndürmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Önümleriň hatarynda kir ýuwujy serişdeler, tegmil aýyryjylar, şeýle hem aşhana we wanna üçin niýetlenen ýörite arassalaýjy önümler bar.

«Türkmen Berk–Metal» türkmen telekeçileri üçin amatly hyzmatdaşlyk şertlerini hödürleýär. Kompaniýa özüniň distribýutorlyk toruny giňeltmäge gyzyklanma bildirip, lomaý alyjylary, dilerleri we bölek satuw dükanlaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Habarlaşmak üçin salgylar:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 56-njy jaý;
  • telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
  • web saýty: turkmenberk-metal.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • elektron poçta salgysy: tberkmetal@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň