Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» topary «Ist Bengaly» ýeňip, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalyna çykdy

17:5912.03.2025
0
11821

Şu gün «Arkadag» kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda «Ist Bengaly» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň ýarym finalyna çykmagy başardy.

Arkadag şäherinde geçirilen oýunda türkmen toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew özüni görkezdi. Ol ätiýaçdan oýna goşulyp, 2 gezek hindi toparynyň derwezesinden top geçirdi. Myhman toparyň düzüminde Messi familiýaly oýunçy tapawutlandy.

Şeýlelikde, bu ýeňiş deslapky duşuşykda hem 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan türkmen toparyna yklym derejeli ýaryşyň ýarym finalynda çykyş etmäge hukuk gazandyrdy. «Arkadag» toparynyň ýarym finaldaky garşydaşy «Al Sib» (Oman) — «Al-Arabi» (Kuweýt» jübütiniň ýeňijisi bolar. Bu iki toparyň arasyndaky jogap oýny şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 23:00-da başlanar. Deslapky oýun 1:0 hasabynda «Al-Arabiniň» ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň