Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«IQAir»: dünýäniň şäherleriniň köpüsiniň ýaşaýjylary hapa howadan dem alýarlar

16:0612.03.2025
0
11565
«IQAir»: dünýäniň şäherleriniň köpüsiniň ýaşaýjylary hapa howadan dem alýarlar
Surat: Belta.by

Dünýäniň köp şäherinde howa hapa, şäherleriň diňe 17 göteriminde kada laýyk gelýär. Şeýle jemler Şweýsariýanyň howanyň hiline gözegçilik tehnologiýalary bilen meşgullanýan «IQAir» kompaniýasynyň täze hasabatynda getirilýär. Bu barada «Associated Press» (AP) habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

«IQAir» kompaniýasy munuň üçin ýurtlaryň 138-sinde ýerleşýän howanyň hiline gözegçilik beketleriniň 40 müňüsinden alnan maglumatlary seljerdi. Netijede, iň hapa howa Çadda, Kongoda, Bangladeşde, Pakistanda we Hindistanda hasaba alyndy. Şunda Hindistanda dünýäniň iň hapa howaly şäherleriniň dokuzdan altysy ýerleşýär. Olaryň arasynda iň ýaramaz howaly şäher bolsa ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Birnihat senagat şäheridir.

«Howanyň hapalanmagynyň saglyk üçin täsirini görýänçäk, iki-üç onýyllyk geçer» diýip, ady tutulan kompaniýanyň baş direktory Frenk Hemmes aýdýar. Malaýziýanyň «Sunway» planetar saglyk merkeziniň uly ylmy işgäri, howanyň hapalanmagy boýunça hünärmen Fatima Ahamad bolsa, hapa howanyň uzak wagtyň dowamynda dem alyş, alsgeýmer we düwnük kesellerine getirýändigini nygtaýar.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy her ýyl howanyň hapalanmagy sebäpli 7 milion töweregi adamyň heläk bolýandygyny belleýär.

«IQAir» kompaniýasynyň ýedi ýyl bäri çap edip gelýän ýyllyk hasabatyndan çen tutsaň, käbir oňyn özgerişlikleri duýmak bolýar. Ýagny kadaly howaly şäherleriň sany 2023-nji ýylda 9 göterim bolanlygyndan 2024-nji ýylda 17 göterime çenli artypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň