Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Kitap» bilim merkezi: Türkmenistanyň häzirki zaman biliminde täze söz

13:0811.03.2025
0
12524

Bilim ulgamynyň örän depginli ösýän häzirki döwründe «Kitap» bilim merkezi öwrenmäge döwrebap çemeleşmeleri hödürleýän täzeçil ýörelgeleri bilen tapawutlanýar.

«Kitap» merkezi okuw işini has-da gyzykly we täsirli etmäge çalyşmak bilen, dürli ýaşdaky diňleýjiler üçin adaty bolmadyk okuw usuly bilen tapawutlanýar. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň, tejribeli mugallymlaryň hem-de özbaşdak okuw meýilnamalarynyň utgaşdyrylmagy her bir diňleýjä täze bilimleri özleşdirmeginde zerur goldawy we çeşmeleri üpjün edýär.

Elektron tagtalar (e-boards) bilen enjamlaşdyrylan interaktiw synp otaglary okuw işini ep-esli kämilleşdirýär, ony has özüne çekiji we gyzykly edýär. Ýokary öndürijilikli kompýuterleri bolan häzirki zaman kompýuter synpy sanly tehnologiýalary we programmirlemäni ýokary derejede öwrenmäge mümkinçilik berýär.

«Kitap» her bir okuwçynyň özboluşlydygyny göz öňünde tutup, özbaşdak öwrenmek ýörelgesine eýerýär. Deslapdan baha bermek mugallymlara okuw usullaryny her bir okuwçynyň şahsy aýratynlyklaryna we okuw stiline laýyk getirmäge mümkinçilik berýär, materiallara has çuňňur düşünmegine we bilimiň uzak möhletleýin özleşdirilmegine kömek edýär.

«Kitap» bilim merkezi her ýaş toparlary we bilim maksatlary üçin niýetlenen dürli hili okuwlary hödürleýär. Okuw meýilnamasy 6 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar, şeýle hem ýetginjekler we ulular (12+) üçin işlenip düzülip, ösüşiň her bir döwründe gyzykly we täsirli öwrenmegi üpjün edýär.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek isleýänler üçin bolsa «Kitap» iňlis, rus, nemes, fransuz we hytaý dilleri boýunça ýöriteleşdirilen okuwlary hödürleýär. Kompýuter sowatlylygy, Microsoft Office, Adobe Photoshop we Illustrator, CorelDRAW, 3Ds MAX, 2D-dizaýn, Blender hem-de AutoCAD bilen işlemek ýaly sanly tehnologiýalara aýratyn üns berilýär. Programmirlemäni halaýanlar C ++, Python, frontend we backend işläp düzme, şeýle-de Node.js ýaly okuwlary saýlap bilerler.

«Kitap» maliýe sowatlylygynyň we telekeçilik ukyplarynyň ösdürilmeginiň möhümdigini nazarda tutup, ykdysadyýet, telekeçilik, marketing, maliýe, bank işi we buhgalterlik hasabaty ýaly ugurlar boýunça hem okadýar. Uly ýaşly adamlar üçin SMM (sosial media marketingi), interýer we eksterýer dizaýny, şeýle-de şekillendiriş sungaty ýaly ugurlardan ýöriteleşdirilen okuwlar hödürlenýär.

Çagalar üçin iňlis we rus dillerini, matematika, mental arifmetikasy we robototehnika ýaly ýörite programmalar işlenip düzüldi.

Merkeziň administrasiýasy ene-atalara häzirki wagt tertibinde çagalarynyň ösüşini yzarlamaga mümkinçilik berýän häzirki zaman gözegçilik ulgamyny ornaşdyrdy. Bu bolsa okuw işiniň doly aç-açanlygyny üpjün edýär.

«Kitap» bilim merkezi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Seýitnazar Seýdi köçesi, 64-nji jaý (15-nji kiçi etrapça, «Diýar» söwda merkezi).

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 64) 14 80 83, (+993 64) 14 62 67;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň