Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mirziýoýew Fransiýa döwlet sapary bilen barar

11:0111.03.2025
0
10186
Mirziýoýew Fransiýa döwlet sapary bilen barar
Surat: Gazeta.uz

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 11-13-nji martda fransuz lideri Emmanuel Makronyň çakylygy boýunça Parižde döwlet sapary bilen bolar. Bu barada özbek lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.

Saparyň dowamynda ýokary derejeli gepleşiklerdir çäreler, şeýle-de Fransiýanyň resmi we işewürlik toparlary bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Gün tertibine özbek-fransuz köptaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de berkitmegiň meseleleri girizildi diýlip, habarda bellenýär.

Taraplar gepleşikleriň barşynda özara söwda-ykdysady we maýa goýum-maliýe ulgamlarynda bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmeklige, Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary we kärhanalary bilen kooperasiýa taslamalaryny ilerletmeklige üns bererler. Saparyň jemleri boýunça hökümetara we edaraara ylalaşyklaryň toplumyny kabul etmek meýilleşdirilýär.

Mirziýoýew şeýle hem ÝUNESKO-nyň baş direktory Odre Azule bilen duşuşar we 2025-nji ýylyň güýzünde Samarkantda geçjek guramanyň Baş maslahatynyň 43-nji ýygnagyna taýýarlyk barada ara alyp maslahatlaşar diýlip, metbugat gullugynyň habarynda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň