Howanyň üýtgemegi Latyn Amerikasynda we Karib ýurtlarynda banan ösdürip ýetişdirilmeginiň kemelmegine getirip biler. Uzagyndan bolsa bu banan senagatynda ählumumy krizise sebäp bolar. Bu barada Ekseter uniwersitetiniň alymlarynyň çaklamasyna salgylanýan «Caliber.az» ýazýar. Ylmy barlaglaryň netijeleri «Nature Food» (NF) žurnalynda çap edildi.
2080-nji ýylda banan ýetişdirmek we olary beýleki ýurtlara ýerleşdirmek bu önümiň esasy öndürijileri bolan sebitleriň 60 göterimi üçin ykdysady taýdan bähbitsiz bolar. Munuň sebäbi howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagydyr, ondan iň uly zyýan çeken ýurtlar Kolumbiýa we Kosta-Rika bolar diýlip, alymlaryň çaklamalarynda bellenýär. Howanyň üýtgemegi netijesinde bu ýurtlarda banan ýetişdirmek amatly bolmaz diýip, alymlar düşündirýärler.
Braziliýada we Ekwadorda ýagdaý o diýen howply bolmaz, şonuň üçin olarda banan önümçiligi we eksporty dowam etdirilip bilner. Azyk howpsuzlygynyň agyr netijelerini aradan aýyrmak üçin professor Den Bebber pudaga gyssagly maýa goýumlaryň gerekdigini aýdýar.
Munuň üçin bananyň yssa çydamly görnüşlerini döretmek, şeýle-de olaryň suwarymlylygyny gowulandyrmak gerek. Bu ugurda gyssagly çäreler millionlarça adamyň iş ornuny saklap galmagyna mümkinçilik berer diýip, alym nygtaýar.