ABŞ-daky ýumurtga krizisi käbir raýatlar üçin düşewüntli işe öwrülýär. Mysal üçin, ýurduň Nýu-Gempşir ştatynyň Hillsboro okrugynda ýaşaýan är-aýal raýatlara towuklary kärendesine hödürleýär. Ýagny Kristina we Braýan Templtonlar «Towugy kärendesine al» («Rent The Chicken») atly tutumyň bölegi bolup durýarlar. Olar ikiden dörde çenli jüýjäni ýarym ýyl möhlet bilen 600 dollara kärendesine berýärler. Munuň içine iým, telefon goldawy girýär diýip, «Kronen Zeitung» gazeti ýazýar.
Braýanyň sözlerine görä, towuklara ideg etmek ýeňil we bu iş adamlara, hakykatdan hem, ýaraýar. Towuklary kärendesine alýanlar her hepdede onlarça elin ýumurtga edinýärler. Kärendeçileriň köpüsi towuklara şeýlebir öwrenişýärler welin, soň olary hemişelik satyn alýarlar. Öý guşlaryny yzygiderli towuk dümewiniň barlagyndan geçirip durýarlar.
Ýeri gelende aýtsak, ABŞ-nyň käbir şäherlerinde guş dümewi sebäpli on iki ýumurtganyň bahasy 10 dollara deň.