Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Programma üpjünçiliginiň ussatlygy» atly hakaton bäsleşigi geçiriler

12:2707.03.2025
0
24159

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 9 – 10-njy aprelde sanly ulgam arkaly «Programma üpjünçiliginiň ussatlygy» atly hakaton bäsleşigini geçirer.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, Hakaton bäsleşiginiň maksady zehinli we ukyply talyplary ýüze çykarmakdan, höweslendirmekden we goldamakdan, ýaşlaryň innowasion mümkinçiligini, seljeriş ugurly pikirlenişini hem-de olaryň öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözüp bilmek başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Her okuw mekdepden bäsleşige üç talypdan ybarat bir topar gatnaşyp biler.

Programma düzmek babatda wezipeleri çözmek üçin gatnaşyjy toparlara 3 sagat wagt berler. Talyplaryň işlerine emin agzalar tarapyndan taslamanyň möhümliligi, özboluşlylygy, täzeçilligi, amaly ähmiýeti ýaly ugurlar boýunça baha berler. Hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenilende gatnaşyjylaryň berlen wagty netijeli peýdalanyp bilmek we topar bolup işlemek başarnyklary hem göz öňünde tutular.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylaryň arasynda baş baýragyň eýesi kesgitleniler. Şeýle hem iň oňat toparlara iki sany I we iki sany II, şeýle hem üç sany III orunlar berler. Hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän talyplar 26-njy marta çenli degişli beýanaty dolduryp, tdbgi.progussat@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna ibermelidir.

Beýanatyň nusgasy we bäsleşik barada beýleki giňişleýin maglumatlar institutyň saýtynda, şeýle hem tdbgi.progussat@gmail.com; sedahojayev06@gmail.com elektron salgy we +99365 10 10 18, +99362 66 55 47 telefon belgiler boýunça elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň