Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daniýanyň poçta gullugy ýylyň ahyrynda hat gatnatmagyny doly bes eder

11:1507.03.2025
0
15633
Daniýanyň poçta gullugy ýylyň ahyrynda hat gatnatmagyny doly bes eder
Surat: Travelushki.com

Daniýanyň «PostNord» poçta gullugy özüniň iň soňky hatyny şu ýylyň aýagynda salga ýetirer we aragatnaşygyň görnüşiniň üýtgeýändigini nazarda tutup, göndergilere (posylkalara) ýöriteleşer diýip, «rg.ru» ýazýar. Kompaniýa munuň bilen baglylykda, Daniýada 1500 iş ornuny kemeltjekdigini we jemgyýetiň ösýän sanlylaşmasyny nazarda tutup, köçelerde hat atmak üçin oturdylan gyzyl poçta gutularyny aýyrjakdygyny habar berdi.

2009-njy ýylda Şwesiýanyň we Daniýanyň poçta gulluklarynyň birleşmegi netijesinde emele gelen «PostNord» bu iki döwlete 40 we 60 göterim derejede degişlidir. Daniýanyň poçta gullugy hatlary ýurtda 1624-nji ýyldan bäri daşaýar, emma 2000-nji ýyllardan bäri hatly bukjalaryň sany 90 göterimdenem azaldy.

Geçen ýyl «PostNord» tutuş Daniýada hat gatnawy boýunça borjundan ýüz öwrenden soňra onuň maliýeleşdirilişi ep-esli azaldy. Şunuň bilen birlikde, Daniýanyň Hökümeti üýtgetmelere garamazdan, hatlary gatnatjakdygyny habar berdi.

Häzirki wagtda Ýewropanyň köp poçta gulluklary sanlylaşdyrma sebäpli, kynçylyklary başdan geçirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň