Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG haýyr-sahawat kömegi üçin 110 million dollar bölüp berdi

09:0507.03.2025
0
12405
BMG haýyr-sahawat kömegi üçin 110 million dollar bölüp berdi
Surat: Report.az

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) özüniň adatdan daşary gaznasyndan tutuş dünýäde haýyr-sahawat kömegini maliýeleşdirmegiň öwezini dolmak üçin goşmaça 110 million dollar bölüp berdi. Bu barada guramanyň beýanatyna salgylanýan «Report» habar berýär.

Serişdeler has doly maliýeleşdirilmeýän hem-de Afrikadaky, Aziýadaky we Latyn Amerikasyndaky 10 ýurda «durmuş taýdan möhüm kömegi berkitmeklige» gönükdiriler diýlip, beýanatda nygtalýar. Şol sanda umumy maliýe kömeginiň üçden bir bölegi dünýäde iň uly haýyr-sahawat kynçylygyny başdan geçirýän Sudana we ýaragly çaknyşyklar sebäpli müňlerçe bosgunlary kabul edýän goňşy Çada goýberiler.

Haýyr-sahawat kömegi ýollanjak ýurtlaryň hatarynda Owganystan, Merkezi Afrika Respublikasy, Gonduras, Mawritaniýa, Niger, Somali, Wenesuela we Zambiýa bar. Serişdeleriň aýratyn bölegi howa sarsgynlaryny başdan geçirýän ilaty goramaga gönükdiriler.

BMG-de 2025-nji ýylda 300 milliondan gowrak adamyň haýyr-sahawat kömegine garaşly boljakdygyny aýdýarlar, emma bu baradaky maksatnamanyň maliýeleşdirilmegi ýylba-ýyldan kemelýär. Bu ýyl, çaklamalara görä, ol taryhda iň pes derejä ýeter.

Gurama şeýle-de dünýäde has ýiti kömege mätäç adamlaryň 185 million sanysyna goldaw bermek üçin 45 mlrd dollaryň gerekdigini belleýär. Emma häzirki güne çenli bu serişdeleriň diňe 5 göterimi jemlenendir, 42 mlrd dollar bolsa ýetenok diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň