Fransiýaly syýahatçy gyz Tailandyň Phukete diýen ýerinde adaty bolmadyk talaňçylygyň pidasy boldy, maýmyn onuň smartfonyny ogurlap selfi düşdi. Waka oňat tamamlandy, ýerli ýaşaýjylar gyza gajeti gaýdyp almaga kömek etdiler diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Wakanyň wideosy sosial torlarda ýerleşdirildi. Onda elinde telefon saklap oturan maýmyn bar. Syýahatçy zenan onuň ýanynda durşuna gülküsini saklap bilenok.
Maýmyn telefonyň kamerasyny özüne tutup surata düşýär, hatda panoramalaýyn surat almakçy hem bolýar, emma üç erkek kişi onuň elinden «oýnawajy» alýarlar.
Wideoda soňra gyzyň pyýadalar üçin ýanýodada oturyp gülýändigi, başga bir maýmynyň bolsa onuň saçyndan çekýändigi görünýär. Wideoşekiller barada pikirlerini paýlaşýanlar maýmynyň teleýaýlymda täze «ýyldyz» bolmak isländigini, onuň selfi düşmegi ussatlarça başarandygyny taryp edýärler.