Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Xiaomi» awtoulaglary dünýä bazarynda 2027-nji ýylda peýda bolar

15:0106.03.2025
0
17069
 «Xiaomi» awtoulaglary dünýä bazarynda 2027-nji ýylda peýda bolar
Surat: Gazeta.ru

Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasy öz awtoulaglarynyň ählumumy bazardaky satuwlaryna 2027-nji ýylda başlamagy maksat edinýär. Bu barada «carnewschina.com» portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Xiaomi kompaniýasynyň prezidenti Uilýam Lu munuň üçin şu ýylyň baharynda ýewropa awtoulag bazarlaryny hem öwrenmekçidiklerini ýaňzytdy» diýip, portalyň habarynda bellenýär.

Kompaniýanyň ilkinji sedan kysymly «Xiaomi SU7» ulagy 2024-nji ýylyň martynda çykarylypdy. Ulag smartfonlar, planşetler we gajetler bilen ýokary derejede sazlaşdyrylandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň