Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý 2025-nji ýylda 12 million iş ornuny döreder

13:2706.03.2025
0
24889
Hytaý 2025-nji ýylda 12 million iş ornuny döreder
Surat: Dknews.kz

Hytaý şu ýyl täze iş orunlarynyň 12 million sanysyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu baradaky maksatnamalaýyn görkeziji Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň 5-nji martda geçen sessiýasynda beýan edildi diýip, «rg.ru» ýazýar.

Geçen ýyl HHR-de täze iş orunlarynyň 12,6 million sanysy döredilipdi. Bu ýyl ýurtda işsizligi 5,5 göterim derejede saklamak meýilleşdirilýär.

2025-nji ýylda hytaý ykdysadyýetiniň ösüş depgini takmynan 5 göterim derejäni düzer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň