Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Päk Nesil» okuw merkezi diňleýjileriniň daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşikde gazanan ýeňşini belleýär

12:1906.03.2025
0
22745

«Päk Nesil» okuw merkezi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşiginiň II tapgyrynda diňleýjileriniň gazanan ajaýyp netijeleri barada buýsanç bilen habar berýär. 21-nji fewralda geçirilen bu bäsleşik ýurduň okuw merkezleriniň gysga möhletli okuwlary okaýan diňleýjileriniň arasynda geçirildi.

2013-nji ýylda açylan «Päk Nesil» diňleýjileriniň ýokary bilim derejesini görkezip, ýeňijileriň sany boýunça Aşgabat şäher hem-de Ahal welaýatynyň okuw merkezleriniň arasynda birinji orny eýeledi. Merkeziň diňleýjileri çekeleşikli bäsleşikde baýrakly orunlary gazanyp, zehin-başarnyklaryny mälim etdiler. Olardan Emine Çarygulyýewa birinji, Omar Ýagalow, Daýanç Çerkezow, Gülnaz Muhammedowa we Ogulbibi Berdiýewa ikinji, Aýjemal Hommadowa, Gözel Salarowa, Aýnabat Öwezliýewa, Arzuw Şerapowa hem-de Jemal Klyçewa dagy bolsa üçünji orny eýelediler. Ýeňijiler häzirki wagtda bäsleşigiň döwlet tapgyryna uly taýýarlyk görýärler.

«Päk Nesil» okuw merkeziniň ýolbaşçylar we mugallymlar düzümi ýeňijileri tüýs ýürekden gutlaýarlar we olaryň gazanan üstünliklerine guwanýarlar. Merkez tejribeli we ökde mugallymlaryna aýratyn minnetdarlyk bildirýärler. Olaryň ýadawsyz zähmeti ýaş nesle daşary ýurt dillerini üstünlikli öwrenmäge uly ýardam edýär.

«Päk Nesilde» ýazky okuwlara ýazylyşyk dowam edýär

Häzirki wagtda «Päk Nesil» okuw merkezi 17-nji martda badalga aljak we 8-nji iýuna çenli dowam etjek ýazky okuw möwsümine ýazyljak diňleýjileri kabul edýändigini habar berýär. Merkez daşary ýurt dillerini (iňlis, rus, nemes, hytaý, fransuz, koreý, türkmen), takyk ylymlary (matematika, fizika, himiýa, biologiýa), kompýuter sowatlylygy we programmirlemek, şeýle hem döredijilik dersleri (şekillendiriş sungaty, aýdym-saz okuwlary) ýaly bilim maksatnamalarynyň köpugurly saýlawyny hödürleýär.

Bulardan başga-da, «Päk Nesil» halkara TOEFL, IELTS we SAT synaglaryna taýýarlaýar. Okuw merkeziniň şahamçalarynyň Aşgabadyň dürli ýerlerinde amatly ýerleşmegi raýatlara okamak üçin özlerine golaý hem oňaýly ýeri saýlamaga mümkinçilik berýär.

Aşgabatdaky «Päk Nesil» bilim merkeziniň şahamçalarynyň salgylary we telefon belgileri:

  • Andalyp köçesi (1958), 72-nji jaý, 3-nji gat ( «Balyk» söwda merkezi). Telefon belgileri: (+993 12) 47 20 20, (+993 61) 47 20 02;
  • Ýylgaý Durdyýew köçesi, 54-nji jaý, «Ýüpek ýoly» binasy, 2-nji gat. Telefon belgileri: (+993 12) 75 49 00, (+993 65) 47 00 45;
  • Ankara we Oguzhan köçeleriniň çatrygy (1946), «Rysgal» banky, «А» blok, 6-njy gat. Telefon belgileri: (+993 12) 96 49 59, (+993 62) 29 58 28;
  • web saýty: www.päknesil.сom;
  • Sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • IMO: (+993 64) 37 79 99.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň