Gran-Kanariýa we onuň golaýyndaky beýleki birnäçe ispan sebitleri güýçli tebigy hadysanyň astyna düşdi. Ada güýçli çabga ýagyp, sil joşmalary döredi. Munuň öňüsyrasy ýurduň Milli meteorologik agentligi howa howplulygynyň «sary» derejesini yglan edipdi, emma hiç kim beýleki heläkçilikli ýagdaý dörär öýtmeýärdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Meşhur Gran-Kanariýa şypahanasy suwuň astyna gidýär. Bu adadaky suw howdany harasata we güýçli çabga tap getirip bilmänsoň, suw akymlary, läbik we daşlar ulaglary agdaryp, Atlantik ummanyna syryp äkitdi.
Mekdepleriň ýapylan etraplary bar. Sil joşgunlarynyň zyýanyna garşy diňe halas edijiler, jemagat gulluklary däl, ýerli ýaşaýjylar hem göreşýärler.
Tebigy betbagtçylyk ýurduň köp bölegini, şol sanda Walensiýa we Andaluziýa sebitlerini gark etdi. Murside bir ýaşaýjy gurban boldy. Howa maglumaty gullugy ýagyşly howanyň hepdäniň aýagyna çenli dowam etjekdigini çaklaýar.