Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen Berk–Metal» enzimli «Arýa» kir ýuwujy serişdesini hödürleýär

10:3006.03.2025
0
13311

«Türkmen Berk–Metal» hususy kärhanasy egin-eşikleri maşynda ýuwmak üçin niýetlenen, enzimler bilen baýlaşdyrylan «Arýa» kir ýuwujy serişdesini Türkmenistanyň bazaryna çykardy.

Täze önüm häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasynda döredildi we düzüminde ýuwmagyň netijeliligini has-da ýokarlandyrýan belok gelip çykyşly ýörite organiki birleşmeleri saklaýar. «Arýa» kir ýuwujy serişdesiniň düzümine girýän enzimler gurluş aýratynlyklary esasynda dürli görnüşli hapalaryň molekulalaryny üstünlikli dargadýar.

«Türkmen Berk–Metal» kompaniýasynyň hünärmenleri tebigy fermentler bolan enzimleriň janly öýjüklerde öndürilýändigini we biologiki prosesleriň tebigy tizlendirijisi bolup hyzmat edýändigini belleýärler. Bu aýratynlyk hünärmenler tarapyndan has täsirli ýuwujy serişdäni döretmek üçin ulanyldy.

«Türkmen Berk–Metal» HK-nyň hojalyk üçin niýetlenen himiki serişdelerini şäheriňiziň dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 56-njy jaý;
  • telefonlar: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
  • web-saýt: turkmenberk-metal.com;
  • sosial ulgamdaky sahypasy;
  • elektron poçta: tberkmetal@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň