Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Russiýadaky bölüminiň başlygy Batyr Berdigylyjow TASS habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde dünýäde islendik pursatda täze pandemiýanyň başlanyp biljekdigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, dünýäde howply ýokançlaryň döremeginiň we mutasiýasynyň töwekgelçiligi ýokary. Olar, köplenç, adam üçin düýbünden howpsuzdyr, emma şunuň bilen birlikde, täze pandemiýany döredip bilerler.
«Biz ägirt köp mikroorganizmleriň dünýäsinde ýaşaýarys, olar görnüşini üýtgedýärler, mutirleýärler we nähilidir bir täze özboluşlylyklara eýe bolýarlar. Şeýle patogenleriň döremek töwekgelçiligi bar, özem ol örän ýokary» diýip, Berdigylyjow nygtady.
Türkmenistanly hünärmen şeýle-de häzir hiç kimiň täze ýokanjyň haçan we nirede dörejekdigini aýdyp bilmejekdigini, oňa «milli we halkara derejede taýýar bolmagyň gerekdigini» sözüniň üstüne goşdy.