Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bir Kuwwat» HK «BKBLUE» brendi bilen awtoulag himiki serişdelerini hödürleýär

10:5205.03.2025
0
14754

«Bir Kuwwat» hususy kärhanasy «BKBLUE» brendi bilen awtoulag üçin niýetlenen himiki serişdeleriň görnüşlerini, şol sanda AUS 32 reagentini, G11/G12 antifrizini we distillirlenen suwy hödürleýär.

Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, olaryň dizel hereketlendirijileri üçin öndürýän AUS 32 reagenti azot oksidiniň atmosfera zyňyndylaryny 90% azaltmaga ukyply. Şeýle hem bu kompaniýa halkara hil standartlaryna laýyk gelýän G11 we G12 markaly antifrizleri öndürýär. Bu sowadyjy suwuklyklar ulaglaryň we senagat enjamlarynyň köp sanly görnüşlerinde ulanylyp bilner.

«BKBLUE» brendi astynda ulag enjamlarynda we hojalyk tehnikalarynda, şol sanda ütüklerde ulanylýan distillirlenen suw hem öndürilýär.

Ähli önümler sertifikatlaşdyrylandyr we dünýä öndürijileriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, Senetçi köçesi, 1-nji jaý;
  • telefonlar: (+993 12) 21 03 64, (+993 64) 52 45 54;
  • elektron poçta salgysy: www.info@birkuwwat.com;
  • web-saýt: www.birkuwwat.com.

Bellik: habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň