2025-nji ýylda hem Türkmenistanda bank kartlaryny we töleg ulgamlaryny kämilleşdirmäge, olaryň goraglylygyny pugtalandyrmaga, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy tehniki serişdelerini mundan beýläk-de giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berler.
Söwda nokatlarynda, hyzmatlar ulgamynda töleg amala aşyrylanda galtaşyksyz maglumat tehnologiýalaryny (NFC) we QR-kodlary peýdalanmak mümkinçiligi döredildi. Bu ugurdaky işler şu ýylda hem dowam etdiriler diýlip, TDH tarapyndan habar berildi.
«Internet-bank», «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly bank amallaryny uzakdan dolandyrmak, internet ulgamy arkaly bank töleglerini amala aşyrmak mümkinçiligini giňeltmek boýunça anyk çäreleri görmek meýilleşdirilýär. Banklar tarapyndan alnyp barylýan işleriň toplumy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bu düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir.
Şolaryň hatarynda milli töleg ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ýurdumyzyň raýatlaryna, daşary ýurtly myhmanlara döwrebap hyzmatlary etmek bilen baglanyşykly wezipeler bar.
Şunuň bilen birlikde, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylar, öňdebaryjy tejribäni alyşmak işleri dowam etdiriler diýlip, degişli teswirde bellenilýär.