Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär

09:4805.03.2025
0
14178

Häzirki wagtda täsirli dolandyryşyň, meýilnamalaşdyrmagyň we seljerişiň gurallaryny özünde jemleýän, Türkmenistany ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy ýurduň ägirt uly ykdysady, serişde kuwwatyny nazara alanyňda, köptaraplaýyn işi alyp barmaga, pudaklarda oňyn makrogörkezijileri gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu barada TDH habar berdi.

7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Degişli Kararda bellenilişi ýaly, resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Maksatnamada 2025-nji ýylda garaşylýan makroykdysady görkezijiler getirilýär, ähli pudaklar üçin önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň şertleri bellenilýär, ýurduň welaýatlary, Aşgabat, Arkadag şäherleri üçin maýa goýum mukdary kesgitlenilýär.

Oňa laýyklykda, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak meýilleşdirilýär. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberini 169,2 milliard manada, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini bolsa 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar.

«Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň esasy maliýe maksatnamasynyň girdeji bölegi ykdysadyýetiň pudaklarynyň hasabyna, hususan-da, nebitgaz, senagat, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýalar, dokma, azyk senagaty pudaklaryndan, maliýe-bank ulgamlaryndan, hususy bölekden gelip gowuşmaly salgytlardyr hökmany tölegleriň hasabyna üpjün ediler.

Döwlet býujetiniň çykdajy böleginde durmuş maksatly ulgama gönükdirilýän serişdeleriň 76,1 göterime barabar bolmagyna garaşylýar.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlar gönükdiriler. Serişdeleriň agramly bölegini önümçilik desgalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy üçin bölüp bermek göz öňünde tutulýar. Uly möçberdäki maýa goýumlary ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda aýratyn zerurlyklary bolan raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin ulanmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň