Dünýäniň Merkezi banklary ýanwarda özleriň altyn pul ätiýaçlyk gorlarynyň möçberlerini artdyrdylar diýip, «World Gold Council» (WGC) guramasynyň deslapky bahalandyrmalaryna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Altyny ösýän ýurtlaryň Merkezi banklary has işjeň satyn alýarlar. Ilkinji üçlüge ýanwarda Özbegistan (8,1 tonna satyn aldy), Hytaý (5 tonna) we Gazagystan (3,8 tonna) girdi. Şeýle hem Polşa (3,1 tonna), Hindistan (2,8 tonna), Çehiýa (1,7 tonna), Katar (1,3 tonna) we beýlekiler öz altyn gorlaryny artdyrmagy dowam edýärler.
Ady tutulan döwürde Russiýa (3,1 tonna), Iordaniýa (3 tonna) we Gyrgyzystan (1,9 tonna) öz altyn gorlaryny azaltdylar.