Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

44 ýyl öň ýiten ýüzügi eýesiniň hiç wagt bolmadyk ýerindäki bagdan tapdylar

18:1404.03.2025
0
29008
44 ýyl öň ýiten ýüzügi eýesiniň hiç wagt bolmadyk ýerindäki bagdan tapdylar
Surat: RBK Life

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň ýaşaýjysy Nil Lensdaun öz bagynda kesekiniň köne ýüzügini tapdy. Ol ýüzügiň eýesiniň kimdigini anyklamak isledi. Görlüp oturylsa, ol häzir Florida ştatynda ýaşaýan Keri Krokeriňki bolup çykdy. Bu barada «WOWT» neşirine salgylanýan «rbc.ru» gürrüň berýär.

Keri 1978-nji ýylda Nebraska ştatynyň Omaha şäherinde mekdebi tamamlanda, oňa ýüzügi sowgat beripdirler. Ol ýüzügini soňky gezek 1981-nji ýylda dakynypdyr. «Men onuň nädip ýitendigini-de bilmedim. Emma ony hut şu bagda ýitirmedigimi bilýärin, sebäbi bu ülkelerde hiç wagtam bolmandym» diýip, Keri Kreker gürrüň berýär.

Ýöne her niçigem bolsa, onuň bu barada bir çaklamasy bar. Kroker dogan-garyndaşlarynyň Omahadaky gül dükanynda käwagt işläp gazanç edýän ekeni. Eger ýüzügi şol ýerde ýitiren bolsa, onuň dükanda satylýan gül nahallary bilen topraga garylyp, Lensdaundaky baglyga düşen bolmagy mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň