Kataryň Söwda-senagat edarasynyň binasynda edaranyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ali Said Bu Şarbak Al-Mansuri bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň daşarky ykdysady seljeriş we maglumat bölüminiň başlygy Kemal Gutlyýewiň ýolbaşçylygyndaky söwda wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada newscentralasia.net saýty habar berdi.
Wekiliýetiň düzüminden azyk önümleriniň önümçiligi, ýyladyşhana hojalygy, oba hojalygy, dökün öndürmek, maldarçylyk we konsalting ýaly dürli ugurlarda işleýän 10 sany türkmen kompaniýasynyň wekilleri orun aldy.
Duşuşykda söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, şeýle-de maýa goýum gurşawyny we mümkinçiliklerini öwrenmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de, katarlyk we türkmenistanly telekeçileriň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda mümkinçiligi uly bolan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Al-Mansuri öz çykyşynda Kataryň işewürleriniň Türkmenistanda syýahatçylyk, sport, gozgalmaýan emläk, oba hojalygy we azyk önümçiligi ýaly ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Kataryň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, iki ýurt hem strategiki söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin amatly maýa goýum gurşawyny hödürleýär.
Mundan başga-da, ol katar tarapynyň türkmenistanly maýadarlar üçin bazar seljermelerini we bar bolan maýa goýum mümkinçilikleri baradaky maglumatlary üpjün etmek arkaly goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Öz gezeginde K.Gutlyýew iki dostlukly ýurduň ýolbaşçylarynyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle-de, hususy ulgamyň bu başlangyçlary bilelikdäki ykdysady taslamalara we strategiki hyzmatdaşlyklara öwürmekde esasy orny eýeleýändigini belläp geçdi.
Ol Kataryň bazarynyň geljeginiň ulydygyny we iki tarap üçin hem möhüm mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
«Bu saparyň maksady iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek, şeýle hem hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we hususy sektory goldamak maksady bilen, iki edaranyň arasynda baglaşylan özara düşünişmek Ähtnamany işjeňleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr» diýip, Gutlyýew nygtady.
Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanda öndürilen dokma önümleri we el halylary bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kuwwaty we mümkinçilikleri barada durlup geçilip, ministrligiň düzüminde tebigy pagta çig malyndan giň görnüşli dokma önümlerini öndürýän 60 fabrigiň bardygy beýan edildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen wekiliýeti katar tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge we türkmen önümlerini Kataryň bazaryna eksport etmäge taýýardygyny bildirip, bäsdeşlige ukyply bahadan iň ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän harytlary üpjün etjekdiklerini mälim etdiler.