2025-nji ýylda üçünji Türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek teklip edilýär. Bu teklip Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda geçirilen duşuşykda öňe sürüldi.
TSSE-niň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy M.Gurdow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy täze wezipesi bilen gutlady. Taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Özbegistanyň ilçisi Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň giňdigini belläp, bilelikdäki kärhanalaryny döretmek boýunça teklip hödürledi. Şeýle-de Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynyň Özbegistanyň goňşy sebitleri bilen söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi barada pikir alyşmalar geçirildi. Bu bolsa iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Şeýle-de 2025-nji ýylyň dowamynda Özbegistanda üçünji Türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek teklip edildi. Bu forum, işewürler üçin özara hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň bazarlarynda bilelikdäki iş alyp barmak üçin uly mümkinçilikleri döreder.
Mundan başga-da, türkmen işewürleri şu ýylyň dowamynda Özbegistanda geçiriljek forumlara we halkara sergilere gatnaşmaga çagyryldy. Bu çäreler ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekde we iki ýurduň telekeçileri üçin hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm orun eýelär.