«PostShop» mobil goşundysy Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin amatly onlaýn söwda dünýäsiniň gapylaryny açýar. Bu köpugurly onlaýn dükan haryt görnüşleriniň giň toplumyny hödürleýär: elektronika, hojalyk tehnikalary, egin-eşikler, oýunjaklar, öý üçin harytlar we beýlekiler.
Internet dükanynyň «Türkmenpoçta» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy sargytlary ýurduň iň uzak sebitlerine çenli hem tiz wagtda eltmäge mümkinçilik berýär. Aşgabatda we onuň töwereginde ýaşaýan alyjylar öz sargyt eden harytlaryny 24 sagadyň dowamynda alyp bilerler, welaýatlarda ýaşaýan müşderilere bolsa sargytlary 3 — 5 günüň içinde eltilip berilýär.
«PostShop» müşderilere rahat bolmagyny nazarda tutup, töleg etmegiň çeýe görnüşlerini hödürleýär. Şunda alyjylar iň amatly usuly saýlap bilerler: nagt ýa-da nagt däl töleg etmek.
«PostShop» goşundysy — bu harytlaryň giň görnüşini, çalt eltip bermegi we düşnükli interfeýsi özünde birleşdirýän häzirki zaman çözgüdidir.
Adaty söwdany halaýanlar üçin hem «PostShop» Aşgabatda ýerleşýän oflaýn dükanynyň gapysyny açýar: B.Annanow köçesi, 39 A jaýy.
«PostShop» mobil goşundysyny Google Play we App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.