Geçen 2024-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyna 26 million daşary ýurtly syýahatçy bardy. Bu barada şäheriň meri Sergeý Sobýanin özüniň telegram-sahypasynda ýazdy diýip, «rg.ru» habar berdi.
Bu dünýä jahankeşdeligi üçin iň şowly ýyl bolan 2019-njy ýyldakydan 3 göterim köpdür. Moskwa, esasan, Hytaýdan, Ýakyn Gündogardan jahankeşdeleriň köp barandygyny Sobýanin belledi. Onuň pikirine görä, paýtagt özüniň tutuş ýylyň dowamynda bir-birini çalyşýan gyzykly festiwallary bilen janahkeşdeleri çekýär. Aýratyn hem şäher öz taryhy merkezi, abadanlaşdyrylan seýilgähleridir beýleki ajaýyp ýerleri boýunça gezelençler bilen meşhurlyk gazandy.
Ykdysadyýetçileriň çaklamalaryna görä, Moskwanyň býujeti jahankeşdelikden goşmaga 225 milliard rubl girdeji alar. Bu bolsa, öz gezeginde, şäheri ýaşaýjylar we myhmanlar üçin has-da özüne çekiji etmäge mümkinçilik berer.