Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Paradise Garden» Oraza aýynda agzaçara çagyrýar

11:1604.03.2025
0
17551

Mukaddes Remezan aýynda «Altyn Paradise Garden» restorany agyz bekleýänlere we agşamlaryny ýyly hem rahat gurşawda geçirmek isleýänlere gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde myhmanlara Remezan aýynyň bütin dowamynda dürli hili datly tagamlardan ybarat bolan, her gün täzelenýän şwed stoly görnüşindäki agzaçar menýusy hödürlenilýär.

Restoranyň aşpezleri adamlaryň dürli hili isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, menýulary örän ussatlyk bilen taýýarladylar. Myhmanlar adaty milli tagamlar bilen birlikde, täze döwrebap aşpezlik eserlerinden lezzet alyp bilerler. Ter salatlaryň, tagamly çorbalaryň, gyzgyn naharlaryň hem-de süýji desertleriň köpdürli bolmagy her kime stoldan islän tagamyny tapmaga mümkinçilik berer.

Agzaçar agşamlygynyň bahasy adam başyna 240 manatdyr. «Altyn Paradise Garden» restorany diňe bir tagamly naharlary däl-de, eýsem müşderiler üçin agşamlyk nahary mahalynda örän ýakymly hyzmatlary hödürlemek bilen, maşgalanyň we dostlaryň gurşawynda wagtyňy göwnejaý geçirmäge mümkinçilik döredýär.

Stol bronlamak üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: 56 15 45.

«Altyn Paradise Garden» restorany şu aşakdaky salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Gurbansoltan eje köçesi, 168-nji jaý (Demir ýol menziliniň ýanyndaky awtobus duralgasy).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň