Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2050-nji ýyla çenli Ýeriň ilatynyň ýarysyndan gowragy semizlikden ejir çeker

10:5204.03.2025
0
8628

Ýene 25 ýyldan Ýeriň ilatynyň ýarysyndan gowragy artykmaç agramlylyk ýa-da semizlik bilen ýüzbe-ýüz bolar diýip, «Lancet» žurnalynda çap edilen «Keselleriň ählumumy agramy» (GBD 2021) atly taslamanyň işgärleriniň nutugyna salgylanýan «The Guardian» neşiri habar berdi.

Täze ylmy barlaglara görä, häzir dünýäde semiz adamlaryň sany okgunly köpelýär. Hünärmenler 2050-nji ýylda uly ýaşly ilatyň ýarysyndan gowragy, ýagny 3,8 mlrd adam we çagalaryň hem-de ýetginjekleriň üçden bir bölegi, ýagny 746 million sanysy artykmaç agramdan ejir çeker.

Bu ugurda öňdäki orunlary Hytaý (402 mln), HIndistan (180 mln), ABŞ (172 mln), Braziliýa (88 mln), Russiýa (71 mln), Meksika (58 mln), Indoneziýa (52 mln) we Müsür (41 mln) eýeleýär. Golaý geljekde semiz adamlaryň sany Demirgazyk Afrikada, Ýakyn Gündogarda, Latyn Amerikasynda we Karib ýurtlarynda artar diýlip garaşylýar. Hünärmenler çagalaryň we ýetginjekleriň has çalt semreýändigini belleýärler.

Ýagdaý diabet, ýürek-damar, gipertoniýa we onkologiýa kesellileriň sanynyň artmak howpuny döredýär. Onsoňam bu dürli ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlaryna goşmaça agram salýar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň