Türkiýäniň Karub kompaniýasy 18-nji martda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» (IFT 2025) atly hususy pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň bürünç hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder. Bu barada forumy gurnaýjylar habar berdiler.
Senagatyň dürli pudaklary üçin mehaniki enjamlar, çig mallary we beýleki serişdeler bilen üpjün etmek bilen meşgullanýan «Karub» kompaniýasy Türkmenistan, Özbegistan ýaly Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň bazarlarynda we Azerbaýjanda baý tejribä eýedir. Kompaniýa hökümet taslamalaryna, şol sanda nebit-gaz pudagyna degişli bolan taslamalara gatnaşýandygy bilen tanalýar.
Guramaçylyk komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, bürünç hyzmatdaşyň Türkiýeden gatnaşmagy forumyň halkara derejesini we sebitdäki ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetine şaýatlyk edýär. Şu güne çenli IFT 2025 halkara forumyna 26 ýurtdan 200-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklandy.
Forum maýa goýum we durnukly ösüş pudagynda Türkmenistanyň we daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin ýokary derejedäki platforma bolmak üçin niýetlenendir. Çäräniň maksatnamasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategiki taýdan möhüm pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy öz içine alýar.
Foruma gatnaşmagyň şertleri boýunça has giňişleýin maglumatlary ift.com.tm saýta girip, tanşyp bilersiňiz.