«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde iň gowy dükany saýlamak boýunça SMS ses berişliginiň jemi jemlendi. Bäsleşigiň ýeňijisi «MARATON family shoes store» dükany boldy. Müşderileriň pikiriçe, bu dükan iň gowy hyzmatlary, bahalary we haryt görnüşlerini hödürleýär.
Bir aýyň dowamynda söwda merkezine gelýänler 0530 belgä SMS ibermek bilen, halaýan dükanlaryna işjeň goldaw berdiler. Ses berişligiň netijeleri boýunça «MARATON family shoes store» birinji orny eýeledi we «Berkarar» SDAM-yň ekranlarynda mahabatlaryny bir aýyň dowamynda mugt ýerleşdirmek barada şahadatnama bilen sylaglandy.
Söwda merkeziniň administrasiýasy iň gowy dükany saýlamaga işjeň gatnaşandyklary üçin ses berişlige gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi. Ses berişligiň doly netijesi https://turkmentv.gov.tm/vote/69 salgy boýunça «Türkmen.tv» saýtynda elýeterlidir.