Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini satyn aldylar.
Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, nah ýüplük, ýorgan-düşek daşlygynyň toplumlary, jins önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 724 müň manatdan gowrak bolan buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisini, nah galyndylary satyn aldylar.