28-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow kiberhowpsuzlyk ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen degişli ugurda hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, ýurduň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagy bilen bagly zerur çäreleri görmek, milli kanunçylygy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem halkara guramalar bilen degişli okuwlary, maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.
«Sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Bu resminamalar şu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga, özara tejribe alyşmaga, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmäge ýardam berer. Agzalan Maksatnamada we Meýilnamada daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak, döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleri goramak, kiberhüjümler barada maglumat alyşmagyň ýollaryny kesgitlemek, halkara derejede kiberhowpsuzlyk we kiberdiplomatiýa boýunça kabul edilýän çözgütleri ýurtda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.