Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä we halkara foruma taýýarlyk görülýär

10:3701.03.2025
0
23321
TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä we halkara foruma taýýarlyk görülýär
Surat: TSTB

Şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçiriler. TDH-niň habar berşi ýaly, 28-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew hasabatynda olary guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi we döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde milli ykdysadyýetde hususy pudagyň tutýan ornunyň yzygiderli artýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany wise-premýere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň