Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleri üstünlikli tamamlandy. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 28-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda aýdyldy.
Täze kärhananyň işe girizilmegi ýerli gurluşyk önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Prezidentiň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny, senagat kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlarynyň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere täze “Bäherden” keramiki önümler kärhanasyny işe girizmek boýunça taýýarlyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.